6-njy halkara adadtdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça tomusky mekdebi
2017-nji ýylyň iýul aýynyň 25-30-y aralygynda Belorussiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň tarapyndan gurnanylan 6-njy halkara adadtdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça tomusky mekdebine TGÝMJ-niň wekilleri Şyhkuliýew…
2017-nji ýylyň iýul aýynyň 25-30-y aralygynda Belorussiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň tarapyndan gurnanylan 6-njy halkara adadtdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça tomusky mekdebine TGÝMJ-niň wekilleri Şyhkuliýew Wepamyrat we Babaýew Rustam gatnaşdylar. Ilkinji iki günüň dowamynda gatnaşyjylar 24-sagatlyk okuw türgenleşikde ulanyp biljek bilimleri hem-de endikleri öwrendiler. Olaryň içinde: tokaýda ýiten adamyny tapmak, adamlary suwda halas etmek, ulag helakçiliginde zyýan çeken adamlary halas etmek we beýleki mowzuklardan ybarat boldy. TGÝMJ-niň wekilleri tomusky mekdebi üstünlikli tamamladylar. Okuwyň jemi jemlenende Belorussiýanyň Gyzyl Hajy bu okuwyň geçirilmegine goşant goşan Milli jemgyýetlere, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine minnetdarlygyny aýdyp, gelejekde şeýle çäreleriň halkara derejesinde ýygy-ýygydan geçirilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler. Jemi Halkara tomusky mekdebine 10 Milli jemgyýetlerden 120 golaý adam gatnaşdy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
