AIDS-e garşy bütindünýä göreş gününe bagyşlanan maglumat çäre
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň «Ałada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri AIDS-e garşy bütindünýä göreş gününe bagyşlanan maglumat çäresini…

2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň «Ałada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri AIDS-e garşy bütindünýä göreş gününe bagyşlanan maglumat çäresini geçirdiler.
Çäre wagtynda meýletinçiler 488 adam bilen maglumat alyşdylar, olaryň 380-si zenanlar, 108-si erkekler boldy. Gatnaşanlara aşakdakylar düşündirildi: — AIW-iň öňüni alyş çäreleriniň esasy usullary; — irki diagnostikanyň ähmiýeti; — wirusyň ýokmagynyň hakyky ýollary.
Meýletinçiler şeýle hem gyzyl lentajyklary taýýarlap, ýolagçylara gowşurdylar. Gyzyl lentajyk AIW/AIDS bilen göreşde goldawyň we raýdaşlygyň nyşanydyr. Bu çäre ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmek medeniýetini berkitmäge hyzmat etdi.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

