3-nji Dekabr – Halkara Maýyplar güni mynasybetli Daşoguz welaýatynda medeni çäre geçirildi.
Her ýyl giňden bellenilýän 3-nji dekabr – Halkara Maýyplar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan aýratyn many-mazmunly çäre gurnaldy. Bu baýramçylyk dabarasy…

Her ýyl giňden bellenilýän 3-nji dekabr – Halkara Maýyplar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan aýratyn many-mazmunly çäre gurnaldy. Bu baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Körler we Kerler jemgyýetiniň Daşoguz welaýat sebitindäki önümçilik ilkinji guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda welaýat bölüminiň "Zehin" ýaşlar merkeziniň meýletinçileri özleriniň taýýarlan döredijilik çykyşlaryny görkezdiler. Meýletinçiler joşgunly aýdym-sazly çykyşlary, belent ruhly tanslary hem-de terbiýeçilik ähmiýetli sahna oýunlary bilen gatnaşyjylaryň ünsüni özlerine çekdiler.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
