20.02.23: Adamzat tebigat kanunlaryny özüne tabyn edip bilmeýär
Adamzat, öňegidişligiň gazananlaryna garamazdan, häzirki güne çenli tebigat kanunlaryny özüne tabyn edip bilmeýär. Jemgyýet nähili taýýarlykly bolsa hem, tebigy hadysalar pidasyz mümkin däl. Şeýle tebigy hadysalaryň iň…

Adamzat, öňegidişligiň gazananlaryna garamazdan, häzirki güne çenli tebigat kanunlaryny özüne tabyn edip bilmeýär. Jemgyýet nähili taýýarlykly bolsa hem, tebigy hadysalar pidasyz mümkin däl. Şeýle tebigy hadysalaryň iň elhençleriniň biri hem ýer titremesidir. Ol duýdansyz gelýär we yzynda ölüm, ýitgi hasratyny galdyryp, adamlaryň, şäherleriň durmuşyny weýran edýär.
Ýaňy-ýakynda bu elhenç betbagtçylyk Türkiýe we Siriýa döwletlerini sarsdy. Birbada birnäçe regionlarda bolan ýertitremesi şäherleriň infrastrukturasyny çökerdi, adamlaryň durmuşyny weýran etdi.
Bu betbagtçylyk hiç kimi biperwaý goýmady, ençeme adamlary bir ara getirdi we birikdirdi. Döwletler biri-birinden galman, Türkiýanyň, Siriýanyň ejir çeken regionlaryna ynsanperwerlik kömegini ýolladylar we häzirki güne çenli hem bu iş dowam edýär.
Türkmenistan hem bu kyn döwürde gyrada durman, ejir çekinlere zerur bolan zatlary yzygider iberip dur. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat şahamçasy hem ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegine öz goşandyny goşdy. Şahamçanyň işgärleri we meýletinçiler, gije-gündiz diýmän, ynsanperwerlik kömegini ýygnadylar. Ýerli ýaşaýjylar bolsa iň zerur bolan zatlary getirdiler (ýyly egin-eşikler, azyk önümleri, sanitariýa-gigiýena serişdeleri), olaryň ýerlenmegine we ýüklenmegine işjeň gatnaşdylar.
Ýokarda aýdylanlar bu aýylganç tebigy hadysanyň netijelerini diňe agzybirlikde, birigip ýeňip boljakdagyny aýdyň subut edýär.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
