1 may TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri üçin “Ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek” boýunça wagyz-nesihat çäreleri geçirildi
Türkmenistanyň "Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky" Kanunynyň hem-de ýurdumyzda hereket edýän ýangyn howpsuzlyk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat…

Türkmenistanyň "Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky" Kanunynyň hem-de ýurdumyzda hereket edýän ýangyn howpsuzlyk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda "Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek" mowzugy boýunça wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Welaýat bölüminiň ADY dolandyrmak bölümçesiniň müdiri we Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekili çykyş edip, ýaz-tomus möwsüminiň dowam edýän döwründe işgärleriň diňe bir iş ýerlerinde däl, eýsem öýlerinde hem ýangyn howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmekligiň möhümdigini nygtadylar. Ýangyn söndüriji enjamlary dogry ulanmak, elektrik gyzdyryjy enjamlary talaplara laýyk peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin düşündirildi. Bu çäre işgärleriň ýangyn howpunyň öňüni almak babatda bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem-de olaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirildi.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
