“Ýokanç keselleriň öňüni almak we gender deňligi”
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, 2024-nji “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynyň on dördünde tassyklanan Gender boýunça düşünjäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri we ýokanç keselleriň…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, 2024-nji “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynyň on dördünde tassyklanan Gender boýunça düşünjäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri we ýokanç keselleriň öňüni almak barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Ýokanç keselleriň öňüni almak we gender deňligi” atly geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň geňeşiniň şeýle-de Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda welaýatyň çäginde ýerleşýän birnäçe zawod-fabrikalarda zähmet çekýän işçileriň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilip başlandy. Şeýle çäreleriň biri Türkmenabadyň tikin fabriginiň uly zalynda 120-ä golaý işçiniň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň degişli hünärmenleriniň “Durmuş taýdan inklýuziw jemgyýet - ähli agzalaryň bilim almaga, zähmet çekmäge, öz durmuş we medeni gyzyklanmalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle-de saglygyny dikeltmäge hukugy bolan jemgyýetdir” ýaly pikirleri öňe sürdiler. Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň lukmanlarynyň hem-de Lebap welaýat Zenanlar birleşmesiniň geňeşiniň agzalarynyň ýaş ýa-da ýaşuly, zenan ýa-da erkek, durmuş we ykdysady ýagdaýyna garamazdan ynsan durmuşyna uly orun berilýär. Çäräniň dowamynda diňleýjilere prizentasiýalar arkaly çykyşlar görkezildi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan degişli neşirleri paýlanyldy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
