Ynsanperwerlik taýýarlygy: Magtymguly etrabynda ýorite okuw geçirildi
10.08.2026ỳ. Magtymguly etrabynda, — Köpetdagyň eteklerinde bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýän adamlaryň köpçülikleýin gelmegi ýüze çykan ýagdaýynda çäreleri görmek barada toplumlaýyn taktiki-ýörite okuw geçirildi. Bu…

10.08.2026ỳ. Magtymguly etrabynda, — Köpetdagyň eteklerinde bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýän adamlaryň köpçülikleýin gelmegi ýüze çykan ýagdaýynda çäreleri görmek barada toplumlaýyn taktiki-ýörite okuw geçirildi. Bu çärä ýurduň hukuk goraýjy edaralary we degişli pudaklaýyn düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) Balkan welaýat bölümi hem gatnaşdy.
Okuw türgenleşiginiň esasy maksady — adatdan daşary ýagdaýyna uçran adamlar üçin howpsuzlygy, lukmançylyk hyzmatyny we mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde ynsanperwe rguramalarynyň we döwlet edaralarynyň taýýarlygyny barlamak barat boldy. Okuwlaryň dowamynda Magtymguly etrabynda köpsanly adamy wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin niýetlenen çadyrlar şäherçesi gurnaldy. Şäherçäniň düzümine şular girdi: Hasaba alyş we ilkinji barlag nokatlary: gelýänleri anyklamak we olaryň esasy zerurlyklaryny kesgitlemek üçin.Ýaşaýyş bölümi: ýatylýan ýerler we iň zerur serişdeler bilen üpjün edilen ýörite çadyrlar. Lukmançylyk bölümi: gaýragoýulmasyz kömek bermek we sanitar-epidemiologik gözegçiligi amala aşyrmak üçin göçme gospitallar. Iýmit we gigiýena zolaklary: meýdan aşhanalary we göçme ýuwunmak üçin niýetlenen desgalar.
Geçirilen okuw türgenleşigi ähli düzümleriň özara sazlaşykly işini görkezdi we Türkmenistanyň halkara ynsanperwer kadalaryna ygrarlydygyny tassyklady. Ýurduň halkara hukugynyň çäklerinde migrasiýa amallaryny netijeli dolandyrmaga bolan taýýarlygy sebit durnuklylygyny üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.





Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

