Ynsanperwerligiň Iň Gözel Ýüzleri
Halkara maýyplar güni bolan 3-nji dekabrda TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň meýletinçileriniň kömegi bilen bolsa meýletinçileriň maýyp çagalaryň durmuşynda ruhy goldaw bermek maksady bilen gurnadylar. Olaryň başlangyjy…

Halkara maýyplar güni bolan 3-nji dekabrda TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň meýletinçileriniň kömegi bilen bolsa meýletinçileriň maýyp çagalaryň durmuşynda ruhy goldaw bermek maksady bilen gurnadylar. Olaryň başlangyjy esasynda ýygnalan dürli görnüşli sowgatlar, şol sanda ýumşak oýunjaklar, okuw esbaplary we beýleki peýdaly harytlar, maýyp çagalaryň ýüreklerini şatlandyrdy. Meýletinçiler her bir çaga aýratyn üns berip, olara guwanç, söýgi we duýgudaşlyk duýgularyny bagyş etdiler. Çagalaryň ýylgyryşlary, olaryň sowgatlary alandan soňky tolgunmasy we şatlygy, her bir adam üçin bu işiň nähili uly ruhy gymmata eýedigini görkezdi.Meýletinçiler şeýle çäreleriň diňe bir maýyplara däl, eýsem, jemgyýetiň ähli agzalaryna ynsanperwerligiň we goldaw bermegiň nusgalyk göreldesini görkezýändigini bellediler. Bu bolsa jemgyýetde jebisligi we biri-birine hormat goýmagy berkitmegiň möhüm ýoludyr.
Meýletinçileriň pikiriçe, şeýle çäreler olaryň özleri üçin hem möhüm ruhy tejribe bolup durýar. Sebäbi ynsanperwerlik we goldaw bermek diňe bir beýleki adamlary begendirmek bilen çäklenmän, özüňi hem ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Halkara Maýyplar güni ýaly möhüm seneler her bir adamyň ýüreginde ynsanperwerlik duýgusyny ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Şeýle çäreler diňe bir häzirki döwürde däl, eýsem, geljek nesiller üçin-de ynsanperwerligiň we agzybirligiň hakyky nusgasy bolup hyzmat eder.
TGÝMj-niň Ahal welaýat bölüminiň
guramaçylyk işleri boýunça başlygy H.Nurlyýew.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

