Esasy mazmuna geç

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekili ynsanperwer diplomatiýa boýunça Sebitleýin foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekili ynsanperwer diplomatiýa boýunça Sebitleýin foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekili 2026-njy ýylyň 21–22-nji oktýabrynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen Ynsanperwer diplomatiýa boýunça Sebitleýin foruma gatnaşdy. Forum Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleri Federasiýasynyň Ýewropa boýunça Sebitleýin edarasy tarapyndan Wengriýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti bilen bilelikde guraldy. Oňa milli Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň, halkara ynsanperwer guramalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda ynsanperwer diplomatiýany ösdürmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, ynsanperwer ýörelgeleri goramak, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olara dessin jogap bermek işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Tematiki pikir alyşmalaryň we amaly sapaklaryň çäklerinde ynsanperwer guramalaryň wekilleri özara tejribe alyşdylar, häzirki döwrüň möhüm meselelerine garadylar hem-de döwlet edaralary we beýleki degişli taraplar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Forum Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň çäklerinde hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Forumyň dowamynda alnan bilimler we ýola goýlan gatnaşyklar Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ilatyň iň ejiz toparlaryna goldaw bermek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Beýleki habarlar