Esasy mazmuna geç

Türkmenistanyň Gyzyl Yarymaý Milli jemgyýeti ýaşlaryň adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek bilimlerini we başarnyklaryny giňeldýär.

Daşoguz Maliýe Orta Hünär Mekdebiniň okuwçylary, TMGÝJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranmak bölüminiň hünärmenleri tarapyndan gurnalan çärä gatnaşdylar. Çäräniň temasy…

Daşoguz Maliýe Orta Hünär Mekdebiniň okuwçylary, TMGÝJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranmak bölüminiň hünärmenleri tarapyndan gurnalan çärä gatnaşdylar. Çäräniň temasy “Adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda ilkinji kömegi bermek üçin meýletinçileriň gözleg we halas ediş işlerinde bilimlerini we başarnyklaryny giňeltmek” barada geçirildi.

Çärä gatnaşan ýaşlar ýer titremesi wagtynda halas ediş işlerini nädip guramalydygyny we ilkinji kömek ýörelgelerini berjaý edip, pidalara ilkinji kömegi bermeklerini öwrendiler.

Guramaçylaryň çykyşlary wideo slaýdlar we beýleki maglumat materiallary bilen bilelikde geçirildi.

Beýleki habarlar