Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Lukmandan deslapky ilkinji kömek okuwlarynyň biznes meýilnamasyny taýýarlajak maslahatçynyň enjamlaýyn tabşyrygy.
Lukmandan deslapky ilkinji kömek (LDIK) TGÝMJ-niň guramaçylyk gurluşynda kommersiýa iş ugry bolup, ondan gelen girdejiler Jemgyýetiň beýleki wezipeleýin işlerini ýerine ýetirmäge harç edilýär. TGÝMJ-i ilkinji nobatda…
Lukmandan deslapky ilkinji kömek (LDIK) TGÝMJ-niň guramaçylyk gurluşynda kommersiýa iş ugry bolup, ondan gelen girdejiler Jemgyýetiň beýleki wezipeleýin işlerini ýerine ýetirmäge harç edilýär. TGÝMJ-i ilkinji nobatda LDIK ilkinji kömek boýunça endikleri öwretmekligi hödürleýär, emma köplenç okuw bilen bilelikde soralýan ilkinji kömek gutulary hem paýlanýar.
Maksady:
TGÝMJ-niň LDIK tölegli okuwlary üçin bazar gatnaşyklaryna gönükdirilen, maksatlaýyn, netijeli we professional biznes-meýilnamasyny taýýarlamak we LDIK tölegli okuwlarynyň girdejiligini artdyrmak üçin mümkinçiliklerini kesgitlemek.
Meseleler:
-
LDIK tölegli okuwlarynyň netijeliligini anyklamak maksady bilen, daşky bazar jähtden elýeterli bolan maglumatlary ýygnamak,olary jemlemek we baha bermek, bolan ýetmezçiliklerini kesgitlemek.
-
Ileri tutmaly iş ugurlaryny, bölümleriň goşantlary, okuw kurslarynyň görnüşini we şu günki günde okuwlaryň girdejililigini kesgitlemek üçin TGÝMJ-niň mümkinçiliklerine we şu döwürde LDIK okuwlarynyň ýola goýulyşyna baha bermeli.
-
Okuwlaryň girdejililiginiň (biznesiň) netijeli bolmagy we onuň durnukly hereket etmegi üçin çäreleri teklip etmeli.
-
TGÝMJ-ne LDIK üçin biznes meýilnamany düzmäge ýardam bermeli.
Garaşylýan netijeler:
-
Geçirilen işler hakynda hasabat we LDIK ösdürmek boýunça teklipler.
-
TGÝMJ-i üçin LDIK tölegli esasynda okatmak üçin biznes-meýilnamany işläp düzmeli.
-
Geçirilmeli wagty we hasabatlara bolan talaplar
Biznes-plany taýýarlamak boýunça işler 4-hepdäniň dowamynda geçirilmeli, analiz we hasabat -2 hepdäniň dowamynda.
Hasabat türkmen we iňlis dillerinde tabşyrylmaly.
Iş döwründe we iş üçin taýýarlanan ähli resminamalar, diagrammalar we beýlekiler TGÝMJ-niň emläginde galýar. Işiň netijelerini maslahatçy TGÝMJ-niň hat üsti bilen razyçylygynyň esasynda ulanylyp bilner.
-
Barlagy geçirmek boýunça maslahatça bolan talaplar
-
Teklipleri şahsy maslahatçylar, maslahatçy toparlar we edaralar berip bilerler,
-
Barlag gecirmek, şöl sanda maliye derňewini, marketing we biznes-meýilnamasyny düzmekde ussat bolmaly,
-
Beýleki taslamalarda maslahatçy hökmünde iş tejribesi bolmaly;
-
Türkmen we iňlis dillerinde hasabat ýazmakda ýeterlik tejribesi bolmaly.
Teklipleriň berlişine bolan talaplar
Barlagy geçirmäge isleg bildirenler indiki resminamalary tabşyrmaly.
-
Dalaşgärler degişli barlagy geçirmekde tejribesi hakynda takyk maglumatly rezýume tabşyrmaly,
-
Hasabatyň düzümi we her bendiniň düşündirişi,
-
Geçiriljek barlagyň meýilnamasy (mümkin boldugyndan möhleti we ulanyljak usullary görkezilen iş meýilnamasy görnüşinde),
-
Her bent boýunça býujet we çykdajylaryň smetasy.
Resminamalar indiki salgylar boýunça tabşyrylyp bilner:
Adres: 744000, Тürkmenistan, Aşgabat ş., 2022-nji köç., 116/1 jaý. Tel.: + 993 12 93 18 06, Faks:+ 993 12 93 03 49.
Elektron adres: Bu e-mail adresi istenmeyen posta engelleyicileri tarafından korunuyor. Görüntülemek için JavaScript etkinleştirilmelidir.
Barlagy geçirmäge isleg bildirenler resminamalaryny 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 10-njy awgusta çenli tabşyrmaly



