Türk türgenleri türkmen kärdeşleri üçin okuw geçirdiler
Aşgabat şäheri. Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetinde 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 18-22-i aralygynda “Bagt köşgünde” halkara derejesinde geçirilen “Ussat-türgenler” üçin okuw treningi geçirildi. Bu okuwy…
Aşgabat şäheri. Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetinde 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 18-22-i aralygynda “Bagt köşgünde” halkara derejesinde geçirilen “Ussat-türgenler” üçin okuw treningi geçirildi. Bu okuwy TGÝMJ-i tarapyndan çagyrylan, Türkiýäniň Gyzyl Aý jemgyýetiniň hünärmenleri Elif Taşkin, Jemal Unal we Şenaý Unal alyp bardylar. Bir hepdäniň dowamynda daşary ýurtdan gelen ussatlar Türkmenistandaky kärdeşlerine teoriýa we tejribe okuwlary arkaly türgenleriň endiklerini ýokarlandyrmagyň usullaryny öwretdiler. Jemi Aşgabat şäherinden we bäş welaýatdan 26 türgen okuwa gatnaşdy. Okuwa şeýle köp türgeniň gatnaşmagy 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa olimpia öýunlaryna meýletinçileri taýýarlamagyň möhüm şertleriniň biridir.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
