TGÝMJ-niň meýletinçileri sentýabr aýynda mekdeplerde ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça sapaklary geçirdiler.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileri, aýyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdylar we Türkmenistanyň orta…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileri, aýyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdylar we Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10 936 sany çaga okadyldy.
“Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde ähli meýletinçiler “Mekdep okuwçylary üçin ýol howpsuzlygynyň düzgünleri” tema boýunça okuwy tamamladylar. Soňra bolsa olar mekdeplerde başlangyç synp okuwçylary üçin ýol howpsuzlygy boýunça sapaklary geçirmeklige gatnaşdylar.Meýletinçiler okuw sapaklarynyň dowamynda çagalar bilen örän jogapkärçilikli boldylar, gerek bolan esbaplary, materiallary ýasadylar, interaktiw oýunlary, tapmaçalary we maşklary peýdalandylar. Sapaklara jemi 124 meýletinçi gatnaşdy.1-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – örümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň giň gerimli geçirilendigini ýatladýarys.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
