TGÝMJ-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebinde “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň düzgünleri” atly okuw sapagy.
TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň “Gaýrat” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň…
TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň “Gaýrat” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň düzgünleri” atly tejribeli okuw sapagy geçirildi. Çäräniň dowamynda “Gaýrat” merkeziniň meýletinçileri we jemgyýetiň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri bilelikde ilkinji kömek bermegiň düzgünleri hem-de durmuşda duş gelýan betbagtçylyklarda dogry berilmeli kömek barada gürrüň edildi. Gan akmalarda, keseki jisimli ýaralarda, döwüklerde, huşuny ýitirende dogry kömek bermek boýunça amaly görnüşde okuw geçirildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
