TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminde “Ýangyn howpsuzlygy – her birimiziň jogapkärçiligimizdir” ady bilen wagyz işleri geçirildi
Güýz we gyş möwsüminiň başlanmagy bilen howanyň sowamagy netijesinde gyzdyryjy enjamlaryň giňden ulanylýan döwri başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, öýlerde we iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerine berk berjaý…

Güýz we gyş möwsüminiň başlanmagy bilen howanyň sowamagy netijesinde gyzdyryjy enjamlaryň giňden ulanylýan döwri başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, öýlerde we iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerine berk berjaý etmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda hünärmenler gyzdyryjy enjamlaryň dogry we howpsuz ulanylyşy, elektrik simleriniň kadaly ýagdaýda saklanylmagy, hem-de ýangyn ýüze çykan halatynda nädip dogry hereket etmelidigi barada giňişleýin maglumat berdiler. Işgärler bilen geçirilen söhbetdeşlikde, öýlerde gaz ojaklarynyň, peçleriň we elektrik enjamlarynyň ulanylyşynda iň köp duş gelinýän ýalňyşlyklar hem agzalyp geçildi. Şeýle-de, ýangyn ýüze çykan ýagdaýda tiz habarly bolmak üçin degişli hyzmatlaryň telefon belgileri ýatladyldy. Şeýle çäreler halkyň arasynda howpsuzlygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda we ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarda ýangyn töwekgelçiligini azaltmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
