TGÝMJ-niň APW-niň öňüni almak boýunça halkara forumyna we tegelek stol maslahatyna gatnaşmagy, Halkara lukmançylyk işgärleriniň gününe bagyşlanyp
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara lukmançylyk işgärleriniň gününe bagyşlanyp guralan «Ilkinji APW testirleme…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara lukmançylyk işgärleriniň gününe bagyşlanyp guralan «Ilkinji APW testirleme – skriningde iň oňy hil» atly geçirilen halkara forumyna we tegelek stol maslahatyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda TGMJ-niň (Adam Papilloma Wirusynyň (APW) öňüni almak we keseli ir anyklamagyň ähmiýeti barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakdaky orny barada çykyş edildi. Saglygy goraýyş boýunça bilim beriş işlerine, öňüni alyş çärelerine we her bir adamyň öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmegini höweslendirmäge aýratyn üns berildi. TGÝMJ-niň hünärmenleriniň bu çärä gatnaşmagy tejribe alyşmakda, şeýle hem APW-niň öňüni almak we onuň bilen bagly keselleriň döremeginiň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etdi.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
