TGÝMJ-iň işgärleri ynsanperwer gymmatlyklary öňe sürýärler
Türkmenistanyň Gyzyl ÝarymaýMilli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň işgärleri ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň işler alyp barýarlar. Şeýlelik bilen, 9-10-njy noýabrda bölüminiň işgärleri 15 we 23-nji…
Türkmenistanyň Gyzyl ÝarymaýMilli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň işgärleri ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň işler alyp barýarlar. Şeýlelik bilen, 9-10-njy noýabrda bölüminiň işgärleri 15 we 23-nji orta mekdeplerde ýygnanyşyk geçirdiler.
Orta bilim edaralarynyň meýletinçileri we okuwçylary, jemgyýetiň yglan eden ynsanperwer gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärä gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabaralarynda TGÝMJ-iň welaýat bölüminiň işgärleri Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketi, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri tarapyndan amala aşyrylan beýik ynsanperwerlik işleri barada çykyş etdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
