Tanyşdyryş seminary
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Italýanyň Gyzyl Hajy bilen ozara ylalaşygyň esasynda “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. 2017-nji ýylyň fewral…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Italýanyň Gyzyl Hajy bilen ozara ylalaşygyň esasynda “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Aşgabat şäheriniň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň “Mejlisler otagynda” bu taslamanyň iş ugurlary boýunça tanyşdyryş seminary geçirildi. Bu seminara taslamanyň işgärleri, TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň we welaýat bölümleriniň hünarmenleri şeýle hem, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hünarmenleri gatnaşdylar. Seminaryň dowamyda taslamanyň iş meýilnamasy bilen kesgitlenen çäreler ara alynyp maslahatlaşyldy. Seminaryň sonunda taslamanyň utgaşdyryjysy Guwanç Gadamow ähli gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýangyn howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäreleriň gerimini giňeltmek, edara binalarynda, mekdeplerde, öýlerde ýangyn howpsuzlygy boýunça ähli guramaçylyk işleri geçirmekligiň ähmiýetiniň wajyplygy barada durup geçdi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
