Saglyk: Balkanabadyň çagalar bagynda baýramçylyk Bütindünýä saglyk güni
Saglyk: Balkanabadyň çagalar bagynda baýramçylyk Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň. Balkan welaýat bölüminiň işgärleri Balkanabat şäheriniň çagalar baglarynyň birinde…

Saglyk: Balkanabadyň çagalar bagynda baýramçylyk Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň. Balkan welaýat bölüminiň işgärleri Balkanabat şäheriniň çagalar baglarynyň birinde körpe nesiller üçin gyzykly sagaldyş çäresini geçirdiler.
Bu çäräniň esasy maksady — çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we kiçi ýaşdan saglygyňy goramagyň endiklerini kemala getirmekden ybarat boldy. Irden ruhubelentlik berýän sazlar astynda beden maşklary ýerine ýetirildi. Körpeler uly höwes bilen görkezen hereketleri gaýtaladylar. Oýun arkaly çagalara şahsy gigiýenanyň kadalary, dogry iýmitlenmek we bedeni taplamagyň ähmiýeti barada gürrüň berildi. Jemgyýetiň wekilleri çagalara öz saglygyňy goramagyň we biri-biriňe kömek etmegiň ýollaryny düşündirdiler."Milletiň saglygy biziň çagalarymyzdan başlanýar. Olaryň ýüzündäki şatlygy we işjeňligi görmek biziň üçin iň uly sylagdyr. Şeýle çäreler çagalara sagdyn bolmagyň şadyýanlyk we mertebe ekenine düşünmäge ýardam edýär" diýip, guramaçylar bellediler. TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň guraýan bu başlangyçlary asylly däbe öwrüldi. Olar ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki taýdan berkemegine ýardam etmek bilen birik-birege, çagalar bagynyň gündelik durmuşyna baýramçylyk we ruhubelentlik ähenlerini goşýarlar.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
