Ruhybelentlige beslenen
Golaýda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň sport toplumynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ylym we…
Golaýda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň sport toplumynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň hem-de Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli “Özgerişli ak ýollaryň röwşeni, sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy” atly dabaraly çäre geçirildi. Dabarada çykyş eden halypa, tanymal tälimçiler, türgenler, sport ussatlary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we sagdynlyk ýörelgelerini ösdürmek baradaky köpýyllyk tagallalary netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde alnyp barylýan giň möçberli işleriň ýaşlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendigi barada joşgun bilen gürrüň berdiler.Soňra Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary we “Olimp” sport mekdebiniň okuwçylary sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşdiler.Bäsleşik dabaraly çärä gatnaşan köpsanly tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň guramagynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli çäreleriň ýene bir Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda bu mekdebiň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehanika-tehnologiki orta hünär mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
