Okuw we amaly türgenleşik boýunça pursatlar.
“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen Saglyk aý mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli…
“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen Saglyk aý mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap bölüminiň 2026-njy ýyldaky iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, meýletinçileri, Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdürliginiň serkerde tälimçileri, Lebap welaýatynyň Saglygy goraýyş müdürliginiň lukmanlary we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatynyň Polisiýa müdürliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gullukçy işgärleri bilen bilelikde 2 (iki) günlik okuw we amaly türgenleşik köpçülikleýin çäresi geçirildi.
Okuw çäräniň birinji güni wakanyň okuw usulyýeti bolup ýokarda agzalan sapaklar boýunça gatnaşýan degili wekiller tarapyndan Milli jemgyýetiň taryhy, Halkara ynsanperwerlik hukugy, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýangyn söndüriji serişdeleriň ulanyş kadalaryny dogry peýdalanmak, Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ýer titremesine garşy edilmeli hereketler we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary barada çykyşlar, widio rolikler görkezildi.
Okuwyň ikinji güni, ähli gatnaşan wekiller usulyýetde alan bilimlerini amaly türgenleşik ýagdaýda görkezdiler.
Olardan: köçülikleýin ýitgilerde çadyrlary gurmak, ilkinji kömegiň ugurlary ewakuasiýa işleri geçirilip we howpsuz çadyr şäherine ýerleşdirdiler.
Çäreden soň, gatnaşyjylaryň hemmesi özünde galan täsirler boýunça we pikir alyşdylar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
