,,Meýletinçiligi ösdürmek”
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümine meýletinçilige çekmek üçin, Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy tehniki hünär okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň, meýletinçileriň we mugallymlaryň…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümine meýletinçilige çekmek üçin, Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy tehniki hünär okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň, meýletinçileriň we mugallymlaryň gatnaşmagynda ,,TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan işleri” ynsanperwer işlerinde meýletinçileriň goşýan goşandy barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirlen çäräniň esasy maksady Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmekden ybarat bolup, ýaşlar bilen meýletinçilik barada sorag- jogap arkaly olaryň jemgyýete goşýan goşantlarynyň gymmatlygy we wajyplygy barada giňişleýin gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Ýaş nesliň ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän atalyk aladasyny durmuşa geçirmekde öz goşandymyzy goşarys.
TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň Ýaşlar, meýletinçiler
we agzalar işi boýunça hünärmeni A.Öwezowa

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

