Meýletinçileriň gününi
5-nji dekabrda bütin dünýäde, ynsanperwer haýyr-sahawat işini meýletin ýerine ýetirýän ähli dünýädäki adamlaryň köp sanlysynyň bitiren hyzmatlaryna hormat goýmak we tassyklamak hökmünde meýletinçileriň gününi…
5-nji dekabrda bütin dünýäde, ynsanperwer haýyr-sahawat işini meýletin ýerine ýetirýän ähli dünýädäki adamlaryň köp sanlysynyň bitiren hyzmatlaryna hormat goýmak we tassyklamak hökmünde meýletinçileriň gününi belleýärler. Gyzyl ýarym aýyň müňlerçe adamlara kömek edýän ähli ýagşylyklary, gönüden-göni meýletinçiler bilen baglanşyklydyr. Ol pul sylagyna isleg bildirip edilmän, ýagşylyk etmek isleginden gelip çykýan tölenmeýän, meýleitn zähmet bolup durýandygyna seretmezden – Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti meýletinçileri sylagsyz galdyrmazlyga ymtylýar. 2015-nji ýylyň 9-njy dekabryndan 11-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň ähli ýerlerinden bolan 30 sany meýletinçi üçin Meýletin Forum geçirildi. Çäre Aşgabat şäherinden uzak bolmdyk Gök-Derede geçirildi. Meýletin Forumyň Dabaraly bölüminde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aýynyň işgärleri meýletinçilere guramanyň işine bahasyz goşant bolup durýan uly ýardamy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler. Bilim maksatnamasy taýýarlandy, ol öz içine ilkinji lukmançylyga çenli kömek bermek boýunça seminary we dürli master klasslary aldy, onda meýletinçiler işiň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşyp bildiler. Amaly türgenleşik hökmünde film topar ulanyldy, onda meýletinçiler dürli keseller hakynda filme tomaşa etdiler we ara alyp maslahatlaşdylar. Meýletin Forum çekişmeler, bähbitleri, meseleleri we üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy. Öýlän wagty gyzykly konkursly medeni maksatnama işlenildi, onuň barşynda Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan bolan meýletinçiler bir birleri bilen bilelikde hereket etdiler. Bu ajaýyp baýramçylyk üçin ýörite sargyt edilen süýji tort garaşylmadyk ýakymly sowgat boldy. Bu duşuşyk „Bilelikde saglygyň hatyrasyna“ (USAID) taslamanyň goldawy sebäpli mümkin boldy. Meýletin forum tamamlandy, ýöne ol: umumy iş bilen meşgul bolan täze dostlary edinmek, Tükmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýetini meýletinçiler hereketini ösdürmek liderleri ýüze çykarmak, goldamak, okatmak we motiwirlemek ýaly maksatlara ýetmäge ýardam berdi. Meýletinçileriň bitiren hyzmatlarynyň şeýle tassyklanmagy, elbetde soňrada adamlaryň bähbidine işlemek üçin uly howes döretdi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
