Meýletinçi bolmakdan buýsanç duýýarys.
Meýletinçilik işi- bu öz islegiňe baglylygy bilen düşündirilip, hiç bir jähtden peýda gazanmaklykdan ugur alýan däldir. Çünki Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi meýletin döredi we diňe kömek bermeklige…

Meýletinçilik işi- bu öz islegiňe baglylygy bilen düşündirilip, hiç bir jähtden peýda gazanmaklykdan ugur alýan däldir. Çünki Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi meýletin döredi we diňe kömek bermeklige gönükdirilendir. Biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň meýletinçileriniň hatarynda bolmak bilen buýsanç bilen ynsanperwerlik kömegini bermekde, umumyadamzat we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmekde, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi hakyndaky bilimleri ýaýratmakda, sagdyn durmuş ýörelgesini we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri wagyz etmekde, hemaýata mätäç adamlaryň bähbidi üçin zerur serişdeleri ýygnamakda we paýlamakda, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň anyk tärleri hakynda bilimleri ýaýratmakda, şeýle-de daşky gurşawy goramak işlerini geçirmek, ýaşlaryň, ýagny deň-duşlarymyzyň sagdyn ruhly, berk bedenli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli şahsyýet bolup ýetişmeklerinde geçirilýän işlerden çetde durmaýarys. Şol sanda meýletinçiler üçin geçirilýän okuw sapaklaryny özleşdirip kämilleşmek ýolunda ilerleýäris. Nesip bolsa 2025-nji ýylyň maý aýynyň 8-ne Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketini esaslandyran Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ilkinji eýesi Anri Dýunanyň dogulan güni we hereketiň bütindünýä döredilen güni bellenip geçiler. Biz meýletinçiler ýurdumyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň kiçijek ýardamçylary bolmak bilen halkymyzyň bagtyýarlygy, nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sagdyn ýetişmekleri üçin yzygiderli uly aladalary edýän lukman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyga beslensin!

















Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
