« Meniň maşgalam » atly wagyz-nesihat çäresi.
2025-nji ýylyň iýun aýynda Işgärleriň we meýletinçileriň arasynda TGÝMJ-i tarapyndan gurnalan Maşgalam başgalam atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de…

2025-nji ýylyň iýun aýynda Işgärleriň we meýletinçileriň arasynda TGÝMJ-i tarapyndan gurnalan Maşgalam başgalam atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde we ahlak taýdan ösdürmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn uly üns berildi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, her bir maşgalada watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Watana wepaly, sowatly, medeniýetli, ruhubelent ogul-gyzlary kemala getirmek her bir türkmen maşgalasynda mahsus bolan ýörelgä öwrülýär. Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, hut maşgalada ruhy gymmatlyklaryň kemala gelýändigi, maşgala gatnaşyklarynda ahlaklylyk ýörelgeleriniň berkidilmeginiň jemgyýeti ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýändigi barada täsirli mysallar arkaly aýdyldy. Döwletimiziň durmuş syýasatynyň maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilýändigi, maşgala bolansoň ony gözüň göreji ýaly saklamalydygy barada birnäçe başdan geçen wakalaryň halk arasynda aýdylan şorta sözleriň üstü bilen beýan edildi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

