Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek.
2024-nji ýylyň 13-14-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Iş nokady” işewürlik merkezinde TGÝMJ işgärleri üçin Halkara Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç Komitetiniň gurnamagynda Täjigistan respublikasyndan gelen…

2024-nji ýylyň 13-14-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Iş nokady” işewürlik merkezinde TGÝMJ işgärleri üçin Halkara Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç Komitetiniň gurnamagynda Täjigistan respublikasyndan gelen Murotjan Soliýew we Rano Kamalowanyň alyp barmagynda Adatdan daşary ýagdaýlarda “Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek” barada iki günlik okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna jemi 12 adam gatnaşdy.
Adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli bozulan maşgala gatnaşyklaryny dikletmekde, jebir çekenler bilen iş salyşylanda etika we gizlinlik mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşyp çagalar, ýaşulylar we maýyplar ýaly jemgyýetiň gowşak agzalary bilen iş salyşmagyň usulyýetine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar garyndaşlaryny gözlemeklige haýyşnama ugratmaklygyň düzgünnamasy we bu işler babatynda maglumat dolanyşygy we hasabat ýöredilişi bilen tanyşdylar. Ilkinji psihologiki kömegi bermegiň esaslary gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Hünärmenleriň, jebir çekenler bilen iş salyşanlarynda, öz psihologiki durnuklylygyny saklamak üçin, olara öz-özüňe kömek bermeklik babatynda teklipler berildi.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

