Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen “Magtymguly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça…
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen “Magtymguly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda jemgyýetimiziň işgärleriniň çykyşlary, ýaş meýletinçileriň taýýarlan goşgulary hem-de dabara gatnaşan myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi. Beýik akyldary ynsanperwerlige, il-ýurt üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga çagyrýan goşgulary asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmeýär. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
