Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini tölegli esasynda okatmak tapgyrynyň çäginde
Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini tölegli esasynda okatmak tapgyrynyň çäginde “Koka-kola” kompaniýasynyň 17 hünärmeni okadyldy. Iki güniň dowamyna – 10.08 – 11.08.2017 ý. çäre TGÝMJ-niň okuw…
Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini tölegli esasynda okatmak tapgyrynyň çäginde “Koka-kola” kompaniýasynyň 17 hünärmeni okadyldy. Iki güniň dowamyna – 10.08 – 11.08.2017 ý. çäre TGÝMJ-niň okuw merkezinde geçirildi. Okuwa gatnaşan hünärmenler ilkinji kömegi bermegiň endiklerini görkezmekde işjeň gatnaşdylar hem-de okuw tapgyryndan öň bu endikler boýunça 46% göterim derejesinde öz bilim derejelerini görkezen bolsalar, okuw çäresinden soň olaryň bu görkezijisi 90% çenli ýokarlandy. Okuw tapgyryna gatnaşyjylar, okuwyň geçirilen ýerinden, okuwyň geçiriliş hilinden, okuwda ulanylan görkezme esbaplaryndan, widioroliklerden kanagatlanandyklaryny mälim etdiler. Okuw tapgyrynyň öz öňünde goýan maksatlary doly suratda amal edildi we biz okuwa gatnaşyjylaryň alan bilimlerini we endiklerini dogry we öz wagtynda ulanarlar diýip tama edýäris. Okuw tapgyrynyň soňunda, okuwyň netijesi boýunça 65 ball toplan hünärmenler okuwy doly özleşdiren hasaplanýarlar we olara Ýewropa standartyna laýyk gelýän ygtyýarnama berilýär.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
