Körpeleriň düşünjesi baýlaşýar
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat…

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri hem bu ugurda biraýlygyň çäginde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar.
Ýakynda Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, Türkmenabat garnizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri bilen bilelikde Türkmenabat şäheriniň 62-nji çagalar bagynda körpejeler bilen ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjeý etmek dogrusynda gürrüňdeşlik geçirildi. Ýanýodalar boýunça ýöremelidigi, olaryň ýok ýerinde nähili hereket etmelidigi, köçeleri kesip geçmegiň kadalary, ýol belgileriniň aňladýän manysy, ýol yşyklarynyň reňk sazlaşygynda ýerine ýetirmeli hereketler boýunça edilen çykyşlar çagalaryň ýol hereketiniň düzgünleri baradaky düşünjelerini baýlaşdyrdy. Çagalar bagynda gurnalan ýol hereketiniň düzgünlerini aňladýan sergi bolsa körpejeleriň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýöriteleşdirilen geýimlerini geýip, deň-duşlary bilen ýollardaky hereket, ýol yşyklary we ýol belgileri barada sorag-jogap alyşmagyna, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirmegine gollanma boldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi geljekde ýol hereketine gatnaşýan çagalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, olaryň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmeklerine ýardam eder.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

