Harby Gullukçylar Halkara Ynsanperwerlik Hukugynyň Esaslaryny Öwrendiler
AŞGABAT, TÜRKMENISTAN — 2026-njy ýylyň 21-22-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilelikde 2026-njy ýyl üçin Halkara ynsanperwerlik hukugy…
AŞGABAT, TÜRKMENISTAN — 2026-njy ýylyň 21-22-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilelikde 2026-njy ýyl üçin Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimleri ýaýratmak boýunça geçiriljek okuw çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky, Aşgabat şäherinde ýerleşýän harby bölümleriniň esgerleri üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw seminary geçirildi. Okuw sapagyna 500-den gowrak harby gullukçy işjeň gatnaşdy. Bu okuw çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” atly taslamasynyň çäginde gurnaldy.
Sapakda ynsanperwerligiň taryhy çeşmeleri, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düýbüni tutujy Henri Dünanyň mirasy hem-de Hereketiň Ynsanperwerlik, Tarapsyzlyk, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Meýletinlilik, Birlik we Bütindünýälik ýaly ykrar edilen 7 sany düýp ýörelgesi barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem, 1949-njy ýylyň Ženewa Konwensiýalarynyň we olaryň Goşmaça Teswirnamalarynyň esasynda uruş alyp barmagyň halkara çäklendirmeleri, parahat ilaty, harby tussaglary hem-de ýaralylary goraýan hukuk kadalary barada düşündiriş berildi. Okuw sapagynyň dowamynda Milli jemgyýetiň döwlete ynsanperwerlik çygrynda kömekçi hökmündäki eýeleýän orny we milli kanunçylygyň düzgünleri hem seredildi.
Sapagyň iň täsirli bölekleriniň biri bolan janly sorag-jogap sessiýasynda gatnaşyjylaryň arasyndan harby gullukçylar amaly çaknyşyklardaky çäklendirmeler we Gyzyl Ýarymaý nyşanynyň goraglylyk güýji hakynda özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler hem-de olara giňişleýin jogaplary aldylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti mundan beýläk-de ýurdumyzyň degişli edaralary we harby gullukçylary bilen hyzmatdaşlykda Halkara ynsanperwerlik hukugyny ýaýratmak hem-de jemgyýetde ynsanperwerlik gymmatlyklaryny berkitmek ugrundaky işlerini yzygiderli dowam etdirer.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
