Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň güni.
Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni mynasibetli 2017-njy ýylyň may aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan birnäçe çäreler geçirildi. Şol sanda, sporty we sagdyn…
Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni mynasibetli 2017-njy ýylyň may aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan birnäçe çäreler geçirildi. Şol sanda, sporty we sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek maksady bilen, TGÝMJ-niň hünärmenleriniň we meýletinçileriniň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. Bütindünýa Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň alyp barýan işleri we esasy ýörelgeleri barada ýerli halkyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen “Berkarar” söwda- dynç alyş merkezinde uly maglumat beriş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we meýletinçileri tarapyndan söwda merkezine gelen adamlaryň arasynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Sorag-jogap bäsleşigine jemi 500-e golaý adam gatnaşdy. Dogry jogap berenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, dogry jogaby bilmeýanlere düşündiriş işlerini beýan edýän habar beriş broşuralary ýaýradyldy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
