Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň 34-nji Halkara Maslahaty
29-31-nji oktýabr aralygynda Ženewanyň Halkara Maslahat Merkezinde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň iň ýokary dolandyryş edarasy bolan Halkara Maslahaty geçirilýär. Hereketiň geljek 4 ýyl üçin işini…

29-31-nji oktýabr aralygynda Ženewanyň Halkara Maslahat Merkezinde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň iň ýokary dolandyryş edarasy bolan Halkara Maslahaty geçirilýär. Hereketiň geljek 4 ýyl üçin işini kesgitleýän degişli kararlar kabul ediler.
Maslahat ähli Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň wekillerini, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) wekillerini birleşdirýär. Forumyň esasy temalary şulardan ybarat:
-
Halkara ynsanperwer hukugyna hormat goýmagyň ähliumumy medeniýetine tarap;
-
Ýaragly çaknyşyklarda parahat ilaty we beýleki adamlary kiber we maglumat amallaryndan goramak;
-
Giňişleýin kanunlar, syýasatlar we meýilnamalar arkaly betbagtçylyk töwekgelçiligini dolandyrmagy güýçlendirmek;
-
Ýörelgeleýin ynsanperwerlik işinde durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ýerli derejede ýolbaşçylygy, mümkinçilikleri ösdürmegi we hyzmatlary hödürlemek;
-
Adamlary klimat we howa bilen baglanyşykly hadysalaryň täsirlerinden goramak: işjeň hereketleri güýçlendirmek üçin bilelikde işlemek.
Maslahatyň çäginde wekiller Hereketiň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, biri-biri bilen aragatnaşyk saklamaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we meýilnamadan daşary çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

