Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» mydaly bilen sylag
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerinde aýratyn üstünlik gazanan şahslara hormatly sylaglar gowşuryldy. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň…

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerinde aýratyn üstünlik gazanan şahslara hormatly sylaglar gowşuryldy. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy Saparklyçew Nazarklyç Dedebaýewiç hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Ol ýurdumyzda ýaş nesilleri sagdyn we watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetçilik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde hem-de raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmakda uly goşant goşandygy üçin bu hormatly sylaga mynasyp boldy. Bu aýratyn hormat onuň köp ýyllaryň dowamynda bitiren halal zähmetiniň hem-de Watana wepaly hyzmatynyň ajaýyp netijesi bolup durýar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan gowşurylan bu sylag, ýurdumyzyň il-ýurt bähbitli işlerine berilýän uly bahanyň, şeýle hem raýatlaryň Watana bolan çäksiz söýgüsiniň nyşanydyr.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
