«Döwrebap jemgyýetde zenanlaryň roly: durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi» atly halkara maslahaty Awazada geçiriler
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm halkara maslahata — «Döwrebap jemgyýetde zenanlaryň roly: durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi» atly çärä…
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm halkara maslahata — «Döwrebap jemgyýetde zenanlaryň roly: durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi» atly çärä geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti we Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde, BMG-niň birnäçe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär we zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gurnaldy.
Maslahatyň maksady zenanlaryň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ynsanperwer ugurlardaky işjeňligini ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy goramak boýunça döwlet strategiýalarynyň täsirini artdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Forumyň dowamynda döwlet dolandyryşy, jemgyýetçilik institutlarynyň orny, zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler, şeýle-de bilim, saglyk we ekologiýa ugurlarynda zenanlaryň sosial işjeňligi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Plenar mejlise goşmaça üç mowzuklaýyn sessiýanyň geçirilmegi meýilleşdirildi. Dürli döwletleriň wekilleri tejribe alyşdy, häzirki zaman çemeleşmeleri seljerildi we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini alyşyldy. Forumyň netijesinde jemleýji resminamanyň kabul edilmegine, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň täze platformalarynyň döredilmegi göz öňünde tutuldy.
Bu halkara duşuşyk zenanlaryň durnukly ösüşdäki ornuny berkitmekde we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açdy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
