Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çagalar bagynda şahsy arassaçylyk boýunça okuw sapagy geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Görogly etrabynyň 8-nji çagalar bakja bagynyň körpeleriniň arasynda «Arassaçylyk we şahsy arassaçylyk» mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Görogly etrabynyň 8-nji çagalar bakja bagynyň körpeleriniň arasynda «Arassaçylyk we şahsy arassaçylyk» mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda meýletinçiler çagalara şahsy arassaçylygy berjaý etmegiň sagdyn durmuş ýörelgesindäki ähmiýeti barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Şeýle hem elleri dogry we yzygiderli ýuwmagyň düzgünleri, arassaçylygyň kadalaryny gündelik durmuşda berjaý etmegiň zerurdygy barada gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Amaly görkezmeler arkaly çagalar elleri dogry ýuwmagyň usullaryny özleşdirip, arassaçylyk endiklerini berkitdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar öwrenen bilimlerini we endiklerini gündelik durmuşynda ulanjakdyklaryny aýdyp, okuw sapagyna işjeň gatnaşdylar. Şeýle okuw çäreleri ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, şahsy arassaçylyk endiklerini berkitmäge we keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

