Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda orta mekdeplerde okuw sapaklary geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýörite okuw sapagyny geçirdiler. Sapak “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýörite okuw sapagyny geçirdiler. Sapak “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar astynda guralyp, onuň esasy maksady ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek we olaryň gündelik durmuşynda howpsuzlygyny üpjün etmek boldy. Okuw sapagynyň dowamynda okuwçylara ýol hereketiniň esasy kadalary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Şeýle-de çagalara oýun görnüşindäki interaktiw usullar arkaly hem ýetirilip, olaryň gyzyklanmalary artdyryldy. Oýunlar arkaly geçirilen usullar okuwçylaryň öwrenen maglumatlaryny aňsat kabul etmegine we ýatda saklamagyna ýardam etdi. Bu çäre ýaşlaryň ýol hereketinde özüni jogapkärli alyp barmagyny, özleriniň hem-de beýleki ýol ulanyjylarynyň howpsuzlygyny goramagyny gazanmaga gönükdirildi. Şeýle okuw-sapaklary welaýat bölümi tarapyndan yzygiderli geçirilip, jemgyýetde ýol hereketiniň medeniýetini ösdürmekde, ýaşlaryň ýol-ulag hereketine bolan düşünjesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu çäreler arkaly çagalaryň jemgyýetde howpsuz, jogapkärli we milli ýörelgelere laýyklykda ýaşamagyna ýardam edýär.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

