Daşoguz welaýatynyň çagalaryň saglygyny dikeldiş we dynç merkezinde ýangyna garşy göreş düzgünleri boýunça okuw sapagy geçirildi
Tomus paslynyň soňky günlerinde Daşoguz welaýatynyň çagalaryň saglygyny dikeldiş we dunç alyş merkezleriniň birinde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleriniň guramagynda “Ýangyn howpsuzlygyň öňüni almak” atly…

Tomus paslynyň soňky günlerinde Daşoguz welaýatynyň çagalaryň saglygyny dikeldiş we dunç alyş merkezleriniň birinde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleriniň guramagynda “Ýangyn howpsuzlygyň öňüni almak” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda çagalara ýangyn ýüze çykan halatynda nähili hereket etmelidigi, özüni nädip goramalydygy we beýlekilere kömek etmek bilen birlikde, howpsuzlygy nädip üpjün etmelidigi barada düşündirildi. Şeýle hem, howply ýagdaýlarda tiz we dogry karar kabul etmegiň, ewakuasiýa ýollaryny bilmegiň hem-de şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň möhümdigi nygtaldy. Alnan bilimleri berkidip, gyzyklanma döretmek maksady bilen, çagalaryň arasynda toparlaýyn bäsleşikler geçirildi. Olar özara toparlara bölünip, howpsuzlyk düzgünleri boýunça bilimini, tiz pikirlenmek ukybyny hem-de toparlaýyn işleýiş başarnygyny görkezmekde bäsleşdiler. Bu çäre gyzykly we täsirli ýagdaýda geçdi, iň esasy bolsa — çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmagyň we seresap bolmagyň möhümdigini has gowy düşünmegine mümkinçilik döretdi.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
