Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri barada wagyz işleri geçirildi.
Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi hem başlaýar. Şonuň bilen birlikde olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek has-da möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli…

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi hem başlaýar. Şonuň bilen birlikde olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek has-da möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde möhüm çäre geçirdiler. Dynç alýan çagalaryň arasynda ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri, bu düzgüni gündelik durmuşda nähili berjaý etmeli we ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi barada düşündiriş işleri geçirildi. Çagalar dürli ýagdaýlara taýýarlykly bolmalydygy, şeýle hem tiz kömek üçin haýsy belgä jaň etmeli diýen ýaly möhüm maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Wagyz işleri adaty sapak görnüşinde däl-de, interaktiw görnüşde guraldy – çagalara sorag-jogaplar bilen ýüzlenildi, ýangyn ýagdaýlaryny şekillendirýän oýunlar bilen bilim berildi. Munuň özi çagalaryň ünsüni çekip, maglumatlary has çuňňur özleşdirmäge ýardam etdi. Şeýle çäreler, tomusda diňe bir şatlykly dynç alyş bilen çäklenmän, olaryň aň-paýhasyny hem baýlaşdyrýar. Howpsuzlyk – bu hemmämiziň işimizdir. Şonuň üçin bu ugurda geçirilýän işler aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
