Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň orta mekdeplerinde “Maşgala mukaddesligi – kämil nesliň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halky gadymdan bäri maşgala ojagynyň mukaddesligine, agzybirligine, zähmetsöýerligine hem-de özara hormat-sylag ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berip gelýär. Bu mukaddes gymmatlyklar ýaş nesli terbiýelemegiň berk…

Türkmen halky gadymdan bäri maşgala ojagynyň mukaddesligine, agzybirligine, zähmetsöýerligine hem-de özara hormat-sylag ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berip gelýär. Bu mukaddes gymmatlyklar ýaş nesli terbiýelemegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde we maşgala gatnaşyklarynyň durnuklylygyny üpjün etmekde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýaş nesilleriň diňe bir öz maşgalasyna däl, eýsem tutuş jemgyýete peýdaly, ruhy taýdan baý şahsyýetler bolup kemala gelmegi esasy maksat bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýaş nesilleriň edep-terbiýesi, salamlaşmak medeniýeti we özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň gözbaşynyň hut maşgala mukaddesliginden başlanýandygy aýratyn nygtaldy. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde ahlaklylygy, ýagşy häsiýetleri we maşgala gymmatlyklaryny wasp edipdir:
“Ataň-eneň hyzmatyny et, Alkyşyny al, döwlet tap.”
Bu setirler ýaş nesiller üçin uly nesihat bolup, ene-atany sylamak, olaryň hyzmatyny etmek ýaly mukaddes borçlary ýatladýar. Hakykatdan-da, maşgala terbiýesi – ähli gowy häsiýetleriň gözbaşydyr.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

