Daşoguz welaýatynda "Ýeňşiň şöhraty — ýaşlaryň ýüreginde" atly işçi duşuşygy geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli welaýat bölüminiň işjeň agzalarynyň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda işçi duşuşygy geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýaş nesillerde…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli welaýat bölüminiň işjeň agzalarynyň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda işçi duşuşygy geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýaş nesillerde watançylyk ruhuny pugtalandyrmak, gahryman ata-babalarymyzyň görkezen edermenligini ýaşlara giňden wagyz etmekden ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen gerçekleriň geçen şöhratly ýoly, olaryň Watana bolan söýgüsi we gaýduwsyzlygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem ýaşlara parahatçylygyň, agzybirligiň we watansöýüjiligiň gadyr-gymmaty dogrusynda giňişleýin düşündirişler berildi. Çärä gatnaşyjylar gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hormat bilen ýatlap, olaryň edermenliginiň ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
