Daşoguz welaýatynda “Ýangyn howpsuzlygy — howpsuz durmuşyň kepili” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde, 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda wagyz-nesihat duşuşygy…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde, 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä Daşoguz welaýatynyň Galla önümleri kärhanalarynyň inžener-tehniki gullukçylary, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärler hem-de meýletin ýangyn söndüriji toparlaryň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýangyn-tehniki serişdeleriniň dogry we netijeli ulanylyşy, ýangynyň öňüni alyş çäreleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň tertibi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de gatnaşyjylaryň ýangyn-tehniki bilimlerini ýokarlandyrmak, howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen degişli düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda hünärmenler tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň önümçilik desgalarynda howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmekdäki möhüm orny bellenilip geçildi.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
