Daşoguz welaýatynda çagalaryň arasynda tomus paslynda yssy howadan goranmak boýunça wagyz - işleri geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda saglygy goramak…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda saglygy goramak we yssy howanyň zyýanly täsirlerinden goranmak boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda hünärmenler tarapyndan çagalara tomus möwsüminde gün şöhlesiniň göni täsirinden goranmagyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem olara açyk howada bolanda saýawanlardan peýdalanmak, kellelerine şlýapa ýa-da panama geýmek, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmek hem-de günüň has yssy sagatlarynda daşarda uzak wagtlap oýnamazlyk maslahat berildi. Geçirilen düşündiriş işleri çagalaryň tomus paslynda saglygyny goramak, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek maksadyna gönükdirildi.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

