Daşoguz şäheriniň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Haýwanat dünýäsi bilen tanyşlyk» atly okuw sapaklary geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Daşoguz şäherindäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda haýwanat dünýäsi barada gyzykly okuw sapaklary…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan Daşoguz şäherindäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda haýwanat dünýäsi barada gyzykly okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklaryň dowamynda meýletinçiler çagalara öý we tokaý haýwanlarynyň dürli görnüşleri barada ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda gyzykly we düşnükli maglumatlar berdiler. Şeýle hem haýwanlaryň suratlary görkezilip, olaryň atlary, ýaşaýan ýerleri we nähili ses çykarýandyklary barada gürrüň edildi. Çagalar sapaga uly gyzyklanma bilen gatnaşyp, dürli haýwanlary suratlary boýunça tanamaga, olaryň atlaryny aýtmaga we çykarýan seslerini tapawutlandyrmaga synanyşdylar. Şeýle gyzykly we öwrediji çäreler körpeleriň daşky gurşaw baradaky düşünjelerini giňeltmäge, tebigata we haýwanlara bolan söýgi hem-de alada duýgusyny ösdürmäge ýardam berýär.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

