Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş mekrezinde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — tebigatyň şypaly baýlygy.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň "Bagtyýar nesil" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň tebigatynda ösýän dermanlyk ösümlikler…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň "Bagtyýar nesil" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň tebigatynda ösýän dermanlyk ösümlikler hem-de olaryň adam saglygy üçin ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hünärmenler ýurdumyzda ösýän dürli dermanlyk ösümlikleriň şypaly häsiýetleri, olaryň halk lukmançylygynda we sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, Hormatly Arkadagymyzyň dermanlyk ösümliklere bagyşlanan gymmatly eserlerinde beýan edilýän ylmy maglumatlar, milli mirasymyzy gorap saklamak we ýaş nesilde tebigata söýgi döretmek baradaky pikirler aýratyn nygtaldy. Çagalar dermanlyk ösümlikleriň peýdasy, olary gorap saklamagyň ähmiýeti hem-de tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmegiň zerurdygy barada gyzykly maglumatlary uly höwes bilen diňlediler. Şeýle çäreler ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we milli gymmatlyklarymyza bolan hormaty pugtalandyrmaga ýardam edýär.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

