Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi.
Bu gün 11-nji iýun 2025. Türkmenistanda tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalar dynç alyp, täze tejribeler edinmäge we ýakymly pursatlary başdan geçirmäge mümkinçilik alýarlar TGÝMJ-i hem şol maksada eýerip…

Bu gün 11-nji iýun 2025. Türkmenistanda tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalar dynç alyp, täze tejribeler edinmäge we ýakymly pursatlary başdan geçirmäge mümkinçilik alýarlar TGÝMJ-i hem şol maksada eýerip jemgyýetiň Hünärmenleri, meýletinçileri bilen bilelikde gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Gökderedäki “Altyn Damja” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda boldylar.Olara yssy howada özüňi nähili gün şöhlesinden goramak, dürli hadyssalarda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini we tebigy hadysalarda özüňi alyp barmagyň ussullaryny öwretdiler. Meýletinçiler okuw usullaryny interaktiw görnüşde geçirdiler. Olaryň ýatlarynda galar ýaly tejribeleri çagalaryň özlerine gaýtalatdylar. Bu bolsa dynç alaýan çagalara täze tejribeler edinmäge pursat boldy.







Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
