«Çagalaryň şatlygy — jemgyýetimiziň bagtyýar geljegi» ady bilen Daşoguz şäherinde baýramçylyk çäresi geçirildi.
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan Bütindünýä çagalary goramak güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň 36-njy çagalar bakja-bagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyk-şowhuna…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan Bütindünýä çagalary goramak güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň 36-njy çagalar bakja-bagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede körpeleriň bagtyýar çagalygyny dabaralandyrýan çykyşlara giň orun berildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan körpeler milli lybaslarda çykyş edip, aýdym-sazlary, şirin tanslary hem-de täsirli sahna çykyşlary bilen gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdylar. Körpeleriň şadyýan keşbi, olaryň ukyp-başarnyklarynyň açylmagy we döredijilik mümkinçilikleriniň görkezilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle hem çäräniň ahyrynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan körpelere süýjülik sowgatlary gowşurylyp, olaryň ýüzlerinde şatlyk duýgulary emele geldi. Şeýle çäreler ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ösüp-ulalmagyna, olaryň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyna we watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine uly ähmiýet berýär.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
