Çagalar barada alada
Ýaşlar bilen iş alyp barmak Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň köptaraply işinde aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary terbiýelemekde alyp barýan syýasatyndan ugur almak bilen,…
Ýaşlar bilen iş alyp barmak Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň köptaraply işinde aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary terbiýelemekde alyp barýan syýasatyndan ugur almak bilen, Jemgyýet häzirki zaman talaplarynyň esasynda ýaşlar bilen köptaraply işleri geçirýär. Her ýyl TGÝMJ-i çagalary tomusky dynç alyş merkezlerine ugradyp, olaryň Türkmenistan döwletimizde çagalar üçin döredilýän ähli eşretlerden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Ynha, bu ýyl hem, TGÝMJ-i tarapyndan Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän mekdepleriň göreldeli, erjel we zehinli çagalary höweslendirmek maksady bilen, ýigrimi sany çagany Awazada ýerleşýän “Daýanç” çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezine dynç almaga ugratdy. Çagalar özleri üçin döredilen bu mümkinçilik baradaky habary uly şowgun bilen garşy aldylar. 2017-nji ýylyň 15-nji iýulynda TGÝMJ-niň jokapkär işgärleri Aşgabat şäheriniň demir menzilinden çagalara ak ýol, saglyk we üstünlik arzuw edip, Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagy bolan Awaza ugratdylar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
