“Adamlaryň Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda, olara wagytlaýyn goragyň berilmegi bilen bagly welaýatyň çäginde döräp biljek adatdan daşaryýagdaýlary ýok etmek” atly tälim beriş okuwy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, Ahal welaýtynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Adamlaryň Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda, olara wagytlaýyn goragyň…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, Ahal welaýtynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Adamlaryň Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda, olara wagytlaýyn goragyň berilmegi bilen bagly welaýatyň çäginde döräp biljek adatdan daşaryýagdaýlary ýok etmek” atly tälim beriş okuwy geçirildi. Beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri “Bosgunlary kabul etmek” boýunça alan tälimlerini iş ýüzünde görkezdiler. Serhedi geçip gelen bosgunlary wagytlaýyn çadyr öýler bilen üpjün etmek, olary hasaba almak, arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, saglyk ýagdaýlaryny barlamak, arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek ýaly amaly okuwy geçirildi. Şeýle tälim beriji okuwylaryň yzygiderli geçirilmegi, adatdan daşary ýagdaýlarda bosgunlary kabul etmäge taýýarlygy ýokarlandyrýar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
