24.02.23: TGÝMJ meýletinçileri taýýarlaýar
Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş merkezinde welaýatdan we Aşgabat şäherinden gelen 18 sany meýletinçi-tälimçileriň gatnaşmagyna okuw-türgenleşigi gurnaldy. TGÝMJ-de 17 sany ýaşlar merkezi hereket edýär.…

Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş merkezinde welaýatdan we Aşgabat şäherinden gelen 18 sany meýletinçi-tälimçileriň gatnaşmagyna okuw-türgenleşigi gurnaldy. TGÝMJ-de 17 sany ýaşlar merkezi hereket edýär. Guramaçylyk ösüş bölüminiň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasy”, USAID we WINROCK bilen bilelikde “Ilatyňň taraplarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna esaslanyp hemmetaraplaýyn sosiýal hyzmatlaryny bermek” atly mowzugy esasynda geçirildi.
Bu geçirilýän okuw-türgenleşikde meýletinçi-talimçiler, Türkmenistanyň sosiýal ulgamdaky kanunlary we jemgyýetçilik işiniň we bu ugurdaky hyzmatlarynyňň esaslary bilen tanyşarlar, şeýle hem durmuşyň kyn ýagdaýlarynda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine,hyzmatyň hil ülňülerine we ahlak kadalaryna serederler. Talimçiler gumanitar diplomatiýanyň beýleki gurluşlar we guramalar bilen özara gatnaşyklary barada pikir alyşarlar.
Mundan başga-da 26-njy fewralda 18 sany meýletiçileriň gatnaşmagyna durmuş üpjünçilik boýunça giriş okuwy geçiriler.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

