10.03.23: Sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edildi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň ýerli wekili Ereş Orunowyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde harby bölümlerde , Darganata, Dänew we Çarjew etraplarynyň…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň ýerli wekili Ereş Orunowyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde harby bölümlerde , Darganata, Dänew we Çarjew etraplarynyň harby wekilliginde geçiren çäreleri sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlandy. Olara harby edaralaryň şahsy düzümleri gatnaşdylar.
Çärelerde çilimiň, nasyň we spirtli içgileriň ynsan saglygyna edýän zyýanly täsiri barada giňişleýin gürrüň berildi. Lukmanlar şeýle ýaramaz endikleriň ýürek, gan, damar, öýken bilen baglanyşykly dürli kesellere getirip bilýändigi barada anyk maglumatlara salgylanyp, gürrüň berdiler. Şonuň üçin hem, şeýle endiklerden daşda durmalydygyny ündediler. Bedenterbiýäniň we sportuň adamyň saglygyna, onuň ömrüniň uzalmagyna we uzak wagtlap işjeň ýagdaýynyň saklanmagyna kömek edýändigini düşündirdiler. Şonda olar çärä gatnaşanlaryň ünsüni sagdyn adamdan sagdyn nesiliň dünýä inýändigine, olar bolsa ýurduň geljegidir.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
